Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara forumy ýokary derejede geçirmek we Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji bitaraplyk syýasatyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara formunyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.
