Turkmenportal logo
30.11.25
2311523115
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada geçiriljek halkara forumy ýokary derejede geçirmek boýunça Karara gol çekdi

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek, zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek we bu ugurda halkara guramalary bilen çagalaryň inklýuziw ösüşi babatda gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirmegi üpjün etmek bellenildi.