Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşlygynyň barşynda täze şäheriň çäklerinde gurulýan medeni-dynç alyş seýilgähiniň çägine baryp gördi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, täze şäheriň medeni-dynç alyş merkezinde oturdyljak şekillere örän jogapkärli çemeleşilmelidir. Täze seýilgähiň çäginde suw çüwdürimi bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklar ýerleşdiriler.
Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri seýilgähiň çäklerinde dünýäde belent şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetlidigini belläp, her bir bedewiň şekilleriniň reňk aýratynlyklaryna zerur üns berilmelidigini aýtdy. Bedewlere degişli ýazgylarda olaryň taryhy we gazanan ýeňişleri baradaky maglumatlar jemlenmelidir.
Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň ekologiýa ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda täze seýilgähe möhüm ornuň degişlidigini belläp, durmuş maksatly desgalaryň Arkadag şäheriniň ruhuna kybap derejede bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini aýtdy. Şunda bu meselelere ylmyň soňky gazananlary esasynda we şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigini belläp, bu ugurda degerli maslahatlaryny berdi.
