Turkmenportal logo
29.11.25
2579025790
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşygyny synlady
Surat: Arkadag şäherindäki metjidiň şekil taslamasy (Türkmenmetbugat)

Ozal habar berişimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Onuň barşynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadag täze şäherde bina edilýän metjidiň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady.  

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gurluşyklaryň we beýleki bezeg serişdeleriniň metjidiň çägindäki bar bolan desgalar bilen sazlaşmalydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde awtoduralganyň gurluşygyna zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde metjide gelýän adamlar, olaryň namaz okamak dessurlaryny doly derejede berjaý edip bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda milli binagärlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.