Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Arkadag şäherine barýan ýoluň ugrundaky aýlawly çatrykda ýerleşýän Polatly binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Ahalteke atlar şaýoluny döwrebaplaşdyrmagyň depginleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Gahryman Arkadag bu ýoluň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hiline we berkligine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýoluň her bir gatlagynyň gurluşygy, onuň düşekleriniň galyňlyk ölçegi häzirki zaman talaplaryna we dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidir. Munuň özi ýoluň tekizligini, sürüjiler üçin rahatlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň uzakmöhletleýinligini hem üpjün eder.
Aýlawly ýoluň merkezinde oturdylan Polatly atly bedewiň we onuň çäklerinde ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň şekilleriniň reňk sazlaşygyna kämil tejribeler esasynda çemeleşilmelidigini aýdyp, Milli Lider onuň Arkadag şäherine gelýän myhmanlarda oňyn täsir galdyrmalydygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda bu ýerde gurulýan metjidiň, medeni-dynç alyş seýilgähiň, lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň hem-de ýol-ulag düzümine degişli beýleki birnäçe desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, olaryň gurluşygynyň depgininiň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny we görkezilen şekil taslamalaryna belliklerini aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işler boýunça degerli maslahatlaryny berdi.
