Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», şeýle-de «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda Kanunlara gol çekdi. Kanunlar resmi taýdan çap edilen gününden herekete girýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna üýtgetmeleri girizildi.
«Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanuna görä, çalşyk tertipnamasynda iş wagtynyň kadaly dowamlylygy önümçilik senenamasynda bellenen iş sagatlarynyň çäklerinde kesgitlenilýär we altygünlük iş hepdesinde gündelik işiň dowamlylygy 40 sagatlyk hepdelik kadasynda ýedi sagatdan уbarat bolan iş wagtyna deňleşdirilýär.
Önümçilikde betbagtçylykly hadysanyň ýada hünär keseliniň netijesinde işgär aradan çykan mahalynda kärhana aradan çykanyň maşgalasyna (maşgala agzalaryna) aradan çykanyň ortaça zähmet hakyny hasaplamak üçin hakyky hasaplanan ýyllyk zähmet haklarynyň on esse möçberinde birwagtlaýyn kömek puluny töleýär.
