Turkmenportal logo
29.11.25
3026430264
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde ykdysadyýet boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi

Arkadag şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni» atly halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Çäre Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan guraldy.

Olimpiada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy. Bäsleşige dünýäniň 15 döwletiniň 72 sany ýokary okuw mekdebinden 535 talyp gatnaşdy.

Olimpiadany geçirmegiň maksady — ýaş nesliň ykdysady bilimlerini giňeltmek, parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň ähmiýetini wagyz etmek, şeýle hem talyplaryň ykdysady pikirlenmek endiklerini ösdürmek bolup durýar.