Zyýat Hil konditer dükanlarynyň ulgamy müşderilerine elýeterli dürli görnüşlerde hödürlenýän tortlarynyň bardygyny ýene bir gezek ýatladýar. Satuwda nusgawy şokoladly, miweli, mussly desertler, şeýle hem maşgala dabaralary, doglan günler we korporatiw çäreler üçin ýörite taýýarlanylýan tematik tortlar hem bar.
Konditer dükanlar ulgamynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, müşderiler isledik görnüşli we goşundyly, şeýle hem isleg bildirilen ölçegini saýlap, torty ýörite sargyt edip bilerler. Tortlar ýokary hilli önümlerden taýýarlanylyp, ajaýyp we owadan bezegi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem olar dürli baýramçylyk dabaralary üçin uly islegden peýdalanýar.

Zyýat Hil kompaniýasynyň baş konditeriniň bu babatda aýdan sözleri:
«Biz elmydama her bir tortuň diňe tagamly bolmagy bilen çäklenmän, eýsem şunda baýramçylyk ruhuny döretmegi hem maksat edinýäris. Desertlerimizi bişirmekde däp bolan usullar häzirki zaman konditerçilik meýilleri bilen utgaşýar. Bezeg işi barada aýdylanda bolsa — kremiň reňkinden başlap, her bir bezeg düzümine çenli üns berýäris. Müşderiniň eline diňe bir torty däl-de, eýsem hakyky sungat eseriniň berilmegini maksat edinýäris».
Konditer dükanlar ulgamynyň wekilleri belleýişleri ýaly, Zyýat Hil kompaniýasynyň tortlary tagam, hil we estetika taýdan utgaşmanyň netijesinde paýtagtyň ýaşaýjylarynyň arasynda hemişe öz meşhurlygyny saklap galýar, aýratyn sargyt etmek mümkinçiligi bolsa, islendik wakany has hem özboluşly edip görkezýär.
Konditer dükanlary dynç günsüz işleýär, sargytlar bolsa her gün sagat 8:00-den 22:45-e çenli kabul edilýär, bu bolsa islendik adama özüne laýyk wagt tapyp, satyn almaga ýa-da eltip berilmegine sargyt etmäge mümkinçilik berýär.

Sargydyň mukdary 150 manatdan ýokary bolsa, Aşgabat we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
Zyýat Hil dükanlarynyň salgylary:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
