Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde ýaş innowasiýaçylaryň arasynda geçirilen «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Birnäçe aýlap dowam eden bu çäre tehnologiýa, ylym we telekeçilik bilen gyzyklanýan mekdep okuwçylaryna, talyplara we ýaş mugallymlara niýetlenilendir.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan «TMT Consulting Group» bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy. Gatnaşyjylar şu iki ugur boýunça taslamalary hödürlediler: maglumat tehnologiýalary we azyk howpsuzlygy.
Birinji tapgyrda eminler ýüzlerçe arzanyň arasyndan 23 ýarym finalçyny saýladylar. «TMT Consulting Groupda» olar üçin ussatlyk sapaklary, okuw sapaklary we amaly türgenleşikler geçirildi. Tejribeli hünärmenler gatnaşyjylary taslamalary işläp düzmek, synagdan geçirmek we taýýar önüm tapgyryna çenli ýetirmek üçin gurallar bilen tanyşdyrdylar.
Final tapgyrynyň netijeleri boýunça 13 ýeňiji kesgitlenildi. Taslamalary bahalandyrylanynda bilermenler hödürlenen taslamalaryň konsepsiýasyny, tehniki taýdan amala aşyrylmagyny we mümkin bolan amaly ähmiýetini göz öňünde tutdular.
Guraýjylar bäsleşigiň ýurduň ýaşlarynyň öz çözgütlerini döretmäge we innowasion çemeleşmeleri işläp düzmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrandygyny belleýärler. Taslama bilim, tehnologiýa we telekeçilik işlerini birleşdirip, geljegi uly pikirleriň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleri döretdi.
