Gazagystan Respublikasynyň döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew 27-nji noýabrda «Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakyndaky» Gazagystan Respublikasynyň Kanunyna gol çekdi diýip, «Kazinform» habar berýär.
Bu Ylalaşyga 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde Aşgabada gol çekildi.
Öň habar berlişi ýaly, bu resminama netijeli özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döredýär hem-de häzirki zaman howplarynyň giň toplumyny öz içine alýar.
Şolaryň hatarynda:
Guramaçylykly jenaýatçylyk, terrorçylyk we ekstremizme garşy göreş (olaryň maliýeleşdirilmegini hem goşmak bilen);
Korrupsiýa we ykdysady jenaýatlar;
Maglumat tehnologiýalary pudagynda jenaýatlar (kiberjenaýatçylyk);
Şeýle hem beýleki jenaýat görnüşleri boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Hyzmatdaşlyk aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
Özara talapnamalaryň ýerine ýetirilmegi;
Dessin-gözleg we kriminalistik maglumatlaryň alyşylmagy;
Tejribelik, hünärmenleri alyş-çalyş, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam bermek.
Şeýlelikde, bu resminama diňe bir işjeň özara gatnaşyklary üpjün etmän, eýsem, hukuk goraýjy düzümleriň hünär başarnyklarynyň ösdürilmegine hem mümkinçilik döredýär.
Ýeri gelende bellesek, Gazagystan şu görnüşdäki resminamalary 20-den gowrak döwlet bilen baglaşdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň Parlamentiniň Mažilisiniň karary bilen «Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk» tassyklanyldy.
