Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, açylyp ulanylmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň tertibi barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyl, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.
Şu ýylyň 12-nji dekabrynda «Abadançylyk» we Bitaraplyk binalaryna gül goýmak dabaralarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, ýurduň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk konsertleriniň, şeýle hem şanly sene mynasybetli Bitaraplyk binasynda baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Dekabr aýynyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäresiniň, estarada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýylyň 31-nji dekabrynda Aşgabatdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde, Arkadag şäherindäki Arkadag binasynyň öňündäki meýdançada, welaýatlaryň «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl teleköprüsiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
