Turkmenportal logo
28.11.25
2670026700
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan 10 aýda 310 müňe golaý türkmen jahankeşdesini kabul etdi
Surat: Stat.uz

Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 310 müňe golaýy Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.

Hasabat döwründe goňşy ýurda 308,9 müň sany türkmenistanly jahankeşde barypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça altynjy ýeri eýeledi.

Sanawyň ilkinji bäşliginde Gyrgyz Respublikasynyň (2,8 million syýahatçy), Gazagystanyň (2,3 million), Täjigistanyň (2,2 million), Russiýanyň (851,9 müň) we Owganystanyň (388,2 müň) ady bar.

Umuman alnanda, 2025-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistan 9,7 million sany daşary ýurtly jahankeşdäni kabul edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 50 göterim köpdür.