Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge üns berýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada diplomat Ural döwlet akademiki rus halk horunyň konsertiniň açylyş dabarasynda aýtdy.
«Şu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge üns berýändikleri üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin» - diýip, Wolynkin belledi.
Ol tomaşaçylaryň öňünde çykyş edýän toparyň Russiýanyň iň şöhratly we özboluşly döredijilik kollektiwleriniň biri bolup, taryhynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna başlanýandygyny nygtady. «Şol agyr döwürde, gazaply söweşlere we ýitgilere garamazdan, adamlaryň maksady geljege gönükdirilipdi, olar döredijilige ymtylýardylar, sungatdan hem-de öz köklerinden ylham alýardylar» - diýip, ilçi gürrüň berdi.
Diplomat Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Ural horunyň çykyşlarynyň myhmansöýer türkmen topragynda geçirilmeginiň aýratyn alamata eýedigini, bu ýerde-de Russiýadaky ýaly sowet halkynyň söweş we zähmet gahrymançylygynyň ýatdan çykarylmaýandygyny we çuňňur hormatlanýandygyny aýtdy.

Konsert 26-njy noýabrda Aşgabatda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda geçirildi. Çykyşlaryň dowamynda tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary bilen rus halk aýdymlary hem-de Russiýanyň dürli sebitleriniň aýdym-saz däpleriniň aýratynlyklaryny görkezýän wokal-horeografik kompozisiýalary ýerine ýetirildi. Artistleriň indiki konserti 27-nji noýabryň agşamsy meýilleşdirildi.
Teatryň foyesinde belli etnograf Sergeý Glebuşkiniň ýygyndysyndan halk lybaslarynyň sergisi gurnaldy. Wolynkin bu serginiň Russiýanyň baý däpleriniň ruhuny duýmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Tomaşaçylar artistleriň Russiýanyň baý medeni mirasynyň ruhuny açyp görkezýän joşgunly çykyşlarynyň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändiklerini bellediler. Konsert agşamyň mährem we dostlukly ýagdaýda geçdi.
