Turkmenportal logo
27.11.25
1945319453
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Stambulda Türkmenistanyň Baş konsullygynda täze nobata ýazylmak ulgamy işe girizildi

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygy hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze öňünden nobata ýazylmak ulgamynyň işe girizilendigini mälim etdi. Indi raýatlar resmi saýtyň üsti bilen kabul edilmek üçin nobata ýazylyp bilerler. Bu bolsa olaryň bellenen wagtda, nobatsyz kabul edilmegine mümkinçilik döredýär.

Diplomatiki wekilhananyň sosial ulgamlarda beren maglumatyna görä, nobata ýazylmadyk myhmanlar hem kabul ediler, emma öňünden onlaýn görnüşde ýazylanlara ilkinji derejede hyzmat ediler. Täze ulgam işiň alnyp barylmagyny amatlaşdyrmaklyga we konsullyk meseleleri boýunça ýüzlenýän raýatlara oňaýlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.