Turkmenportal logo
26.11.25
1932119321
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Walentina Matwiýenko:  Aşgabatda geçiriljek halkara foruma üstünlik arzuw edýärin  

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň gutlaglaryny ýetirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Liderine gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk hatyny iberdi.

Hatda, hususan-da, şeýle diýilýär: «Rus-türkmen gatnaşyklarynyň, şol sanda onuň parlamet ugry boýunça ösdürilmegine meniň goşýan goşandyma ýokary baha berýändigiňiz üçin örän hoşaldyryn. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändigiňiz baradaky garaýşyňyzy goldaýaryn. Türkmenistanyň halkara giňişlikde gazanýan üstünliklerine ünsli garaýarys. Yzygiderli ýagdaýda alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigine oňat düşünýäris. Pursatdan peýdalanyp, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumy ýokary derejede guramakda üstünlikleri arzuw edýärin.