Ozal habar berşimiz ýaly, Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda bu formata Azerbaýjan doly hukukly agza hökmünde goşuldy. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa bu başlangyjy goldandygy üçin hoşallyk hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Azerbaýjan Lideri hatynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýene bir gezek tassyklaýan bu çözgüdiň giň geografik giňişlikde hyzmatdaşlygy we özara işjeňligi pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirýär. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda geçirilen maslahatlar, kabul edilen kararlar özara hormat goýmak ruhunda ýurtlaryň köptaraplaýyn syýasy-ykdysady, ulag-energetika, howpsuzlyk, ynsanperwerlik we gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezdi diýlip hatda bellenilýär.
Azerbaýjanyň Prezidenti hatynyň ahyrynda pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýär.
