24-nji noýabrda Yslamabatdaky Türkmenistanyň ilçihanasynda resmi sapar bilen Pakistana gelen Awstraliýanyň bu ýurtdaky täze bellenilen ilçisi Tim Keýn bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi.
Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow awstraliýaly kärdeşini ýakynda Pakistanda akkreditirlenmegi bilen gutlady we oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Taraplar häzirki sebit ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşyp, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Ilçi A.Möwlamow Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň esasy özeni bolan hemişelik Bitaraplyk syýasaty barada belläp, ýurduň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan halkara energiýa taslamalary barada gürrüň berdi.
Awstraliýanyň ilçisi sebitleýin arabaglanyşygy, durnukly söwda we üstaşyr ýollary ösdürmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan tagallalaryna ýokary baha berdi.
Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, umumy gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga özara ygrarlylyk tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Pakistandaky diplomatik korpusyň çäginde yzygiderli aragatnaşyk saklamak we hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.
