25-nji noýabrda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi. Oňa Türkmenistanуň BIE-niň ýanyndaky wekili, ilçi M.Çaryýew gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da Administratiw-býujet komitetiniň, ýerine ýetiriji komitetiň, düzgün-komitetiniň, maglumat we aragatnaşyk komitetiniň hasabatlary, şeýle hem 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisiniň we 2025-nji ýylda Milan şäherinde geçirilen Triennaleniň jemleýji hasabatlary diňlenildi. Mundan başga-da, 2027-nji ýylda Belgrad we Ýokohama şäherlerinde geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere taýýarlyk boýunça hasabatlar hödürlendi.
Saýlawlaryň dowamynda Türkmenistan BIE-niň Administratiw-býujet komitetiniň agzalygyna 2026-2027-nji ýyllar boýunça iki ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu BIE agza döwletleriniň Türkmenistan bolan ynamynyň tassyklanylýandygyny we ýurdy guramanyň çägindäki institusional derejesiniň üstüni ýetirýändigini görkezýär.
Sessiýanyň çäginde Türkmenistanyň ilçisiniň BIE-niň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen iş duşuşygy geçirildi. Baş sekretar Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň BIE bilen hyzmatdaşlyga berýän ünsüne minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň guramanyň işindäki işjeň gatnaşygyny aýratyn belledi.
Osakada geçirilen «EXPO — 2025» sergisinde Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň üstünlikli işi aýratyn nygtaldy. Pawilýon sergä gelen myhmanlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi.
