24-nji noýabrda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) baş konsullygynda ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Brifing Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, brfinge Magtymguly adyndaky neşirýat merkeziniň, «Türkmen diýar» žurnalynyň, «Ülkämiz» we «Saçak» sosial habarlar gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäre baş konsullyk tarapyndan guralan sergi bilen başlandy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, amaly-haşam, çeperçilik sungatynyň eserleri ýerleşdirildi.
Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň baş konsuly G.Ataýew Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de baş konsullygy tarapyndan bilelikde taýýarlanylyp, çap edilen žurnal bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.
Türkmen diplomaty ýygnananlara ýüzlenip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen oňyn içeri we daşary syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary derejelere göterilýändigini belledi.
