Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek barada ylalaşdylar. Bu barada TDH agentligi 24–25-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň netijeleri boýunça habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana ikinji gezek döwlet sapary bilen gelýändigini aýtdy. Munuň özi iki tarapyň hem hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine düşünýändiginiň, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga taýýardygynyň aýdyň güwäsidir – diýip, TDH agentligi döwlet Baştutanymyzyň sözlerini getirýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de medeni-gumanitar gatnaşyklary berkitmek boýunça bilelikdäki çäreleri ylalaşdylar. Liderler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet baştutanlary sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
«Gepleşikleriň dowamynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Biziň ýurtlarymyzyň ähli jedelleri we gapma-garşylyklary halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp çözmäge berk ygrarlydyklary tassyklanyldy» — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Taraplar sebit we ählumumy meseleleri çözmek üçin ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Bellenilişi ýaly, energetika däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ulag-logistika ulgamyna-da uly orun degişlidir. Häzirki emele gelen geosyýasy we geoykdysady şertlerde Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hereket edýän üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek wezipesi aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.
«Gazagystan Respublikasy Türkmenistan üçin doganlyk ýurt, hoşniýetli goňşy we ygtybarly strategik hyzmatdaşdyr. Biziň ýurtlarymyz hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine hyzmat edýändigi, olaryň esasy gyzyklanmalaryna laýyk gelýändigi, onuň durnuklylygy pugtalandyrmaga, sebit, halkara prosesleriň oňyn ösüşine goşant goşýandygy barada umumy düşünjä we çuňňur ynama eýedirler» — diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Saparyny jemlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti gazak tarapyna netijeli işler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.
