Hazarýaka döwletleri tirana balyklarynyň senagat möçberinde awlanmagyna goýlan gadaganlygy 2026-njy ýyla çenli uzaltmagy goldady. Bu barada Russiýanyň Balyk hojalygy boýunça federal agentliginiň başlygynyň orunbasary Wasiliý Sokolow habar berdi.
Aşgabatda Hazar deňziniň suw bioserişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak boýunça komissiýanyň dokuzynjy mejlisi geçirilýär. Komissiýanyň işine Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň wekilleri gatnaşýarlar.
«Tirana balyklary boýunça ähli taraplar senagat maksatly awlamaga goýlan gadaganlygy uzaltmagy goldady. Diýmek, geljek ýyl tirana balygyny diňe ylmy barlaglar ýa-da emeli ösdürip ýetişdiriş maksatlary üçin awlamak mümkin bolar» diýip, ol belledi.
Sokolowyň aýtmagyna görä, taraplar milli hukuk ygtyýarlyklarynyň çäginden daşary, Hazar deňziniň açyk bölegi üçin umumy balykçylyk düzgünlerini işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar. Russiýa degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlap, başlyklyk edýän ýurt – Türkmenistanyň üsti bilen komissiýanyň indiki mejlisine çenli garamak üçin beýleki gatnaşyjylara ugradar.
Russiýanyň Balyk hojalygy boýunça federal agentliginiň başlygynyň orunbasary mejlisde Hazar deňzindäki balyk gorlarynyň ýagdaýynyň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda her bir ýurduň barlaglary özbaşdak geçirýändigi üçin, Russiýa ylmy barlaglaryň birmeňzeş usul boýunça geçirilmegini goldaýar.
«Iň köp alada döredýän mesele balyklaryň iýmlik binýadynyň üýtgemegi. Bu bolsa ekosistema we balyk gorlarynyň umumy ýagdaýyna täsir edýär» diýip, Sokolow nygtady. Şeýle hem ol Hazar deňziniň derejesiniň peselmeginiň tirana balyklarynyň iýmit üpjünçiligine ýaramaz täsir edýändigini we olaryň dowamlu köpelmegini haýalladýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
