Turkmenportal logo
25.11.25
1649316493
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň U-17 ýygyndysy Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynda Maldiwleri uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-17) futbol boýunça Aziýanyň Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň ikinji oýnunda Maldiwleriň toparyny 6:0 hasaby bilen ýeňdi. Duşuşyk 24-nji noýabrda Taýlandyň Çonburi şäherinde geçirildi.

Baş tälimçi Ahmet Allaberdiýewiň şägirtleri ilkinji oýunda ýeňlişe sezewar bolandan soň, üstünlikli çykyşy bilen ýagdaýy düzetdiler. 22-nji noýabrda geçirilen ilkinji tapgyrda türkmen topary Kuweýtiň ýygyndysyna 0:1 hasaby bilen utulypdy.

Aziýanyň Kubogy U-17-niň saýlama tapgyryna 38 ýurduň ýygyndylary gatnaşýar, olar 7 toparça bölündi. Saýlama duşuşyklary ähli toparçalarda bir aýlawda 22–30-njy noýabr aralygynda geçirilýär.

Ýaryşyň final tapgyry 2026-njy ýylyň 7–24-nji maýy aralygynda Saud Arabystanynda geçiriler. Toparçalaryň ýeňijileri finala çykyp, eýýäm gatnaşmaga hukuk gazanan 9 ýurduň: Kataryň, Özbegistanyň, Saud Arabystanyň, Koreýa Respublikasynyň, KHDR-nyň, Ýaponiýanyň, Täjigistanyň, BAE-niň, Indoneziýanyň ýygyndylary bilen birleşerler.

Şu ýylyň maý aýynda türkmen futbolçylary CAFA U-17 Kubogynda üçünji orny eýeläp, finalda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny penalti urgulary boýunça ýeňipdi (0:0, penalti boýunça – 7:6).

Türkmenistanyň ýygyndysynyň galan duşuşyklary (Aşgabat wagty bilen):

  • 28-nji noýabrda: Türkmenistan – Taýland (17:30)

  • 30-njy noýabrda: Türkmenistan – Mongoliýa (13:30)