Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
Gahryman Arkadag Hazaryň ajaýyp kenarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere geldi.
Gaznanyň şahamçasynyň ýerleşmegi teklip edilýän binany oňlap, Gahryman Arkadag bu ýerde döredilen şertler we şahamçanyň netijeli işini ýola goýmakda möhüm ähmiýeti bolan mümkinçilikler bilen içgin tanyşdy. Bu ýerde öňde durýan wezipeleri kesgitlemek, täze başlangyçlary öňe sürmek boýunça iş alyp barjak hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin ähli amatlyklar döredilipdir.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri R.Bazarowa we O.Atabaýewa ýüzlenip, halkara maslahatyň öňüsyrasynda gaznanyň şahamçasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek babatda maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadag gaznanyň şahamçasynyň ýerleşjek binasynyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu künjekde gök zolaklaryň, bagy-bossanlygyň döredilmegine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň Awazanyň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň has-da gowulanmagyna öz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.
