Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy (ADNOC) Aşgabatda öz wekilhanasyny açdy. Açylyş dabarasy «Arkaç» işewürlik merkezinde geçirildi.
«Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistan ynama, hormata we energetika howpsuzlygynyň hem-de durnukly ösüşiň umumy garaýyşyna esaslanýan gatnaşyklary paýlaşýarlar. Şu günki edaranyň açylmagy diňe korporatiw ädim däl-de, eýsem Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşyna ömürlik ygrarlylygymyzyň nyşanydyr» — diýip, ADNOC kompaniýasynyň düzümindäki XRG kompaniýasynyň aktiwleri dolandyrmak boýunça direktory Bassem Tadros dabarada aýtdy.
Ol Türkmenistanyň dünýä derejesindäki tebigy gaz gorlaryna hem-de Gündogar bilen Günbataryň arasynda amatly strategik ýerleşýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, ýurduň sebit energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda we dünýä gaz bazarynda ornuny berkitmekde mümkinçilikleri barha artýar.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow ADNOC kompaniýasynyň wekilhanasynyň açylmagyny möhüm waka we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdi. Ol bilelikdäki işleriň netijesinde känleriň özleşdirilmegi, ýokary hilli önümleriň öndürilmegi we işgärleriň taýýarlanylmagy boýunça goýlan maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.
