Baýramçylyk günlerinde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň söwda merkezlerinde ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şöhlelendirýän ýadygärlik nyşanlaryň, sowgatlyk harytlaryň söwdasy guralar. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisinde baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk harytlaryň söwdasynyň guralmagynyň möhümdigini aýtdy. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow çärelere bagyşlanan giň möçberli sergä we halkara foruma gatnaşyjylara myhmansöýerlik däplerine laýyk gelýän hyzmatlaryň hödürlenilmelidigini belledi.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp baryp, möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işleri döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir diýip, Milli Lider aýtdy hem-de halkara çäräni we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara çäreleri üstünlikli geçirmek bilen, merdana halkyň asylly däp-dessurlaryny, «Myhman ataňdan uly», «Gelen — döwlet» diýen paýhasly jümleleri esasy ugur edinýän türkmen myhmansöýerligini, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşlerini dünýä ýaýmak babatda alyp barýan işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini jemledi.
Wekilçilikli forum 12-nji dekabrda geçiriler.
