21-nji noýabrda Aşgabatda polşaly pianist Woýçeh Waleçekiň konserti geçirildi. Ol Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş etdi. Konsert uly üstünlik gazanyp, tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Çäre Ýewropa ýurtlarynyň medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermegi bilen guraldy.
Şol agşam tomaşaçylardan doly zalda romantizm mekdebiniň görnükli wekili Frederik Şopeniň Konsert №1 saz eseri ýerine ýetirildi.
Konsertiň başynda Woýçeh Waleçek günbatar Ýewropanyň kompozitorlarynyň — Isaak Albenisiň, Wolfgang Amadeý Mosartyň, Ferens Listiň, Nikkolo Paganininiň saz eserlerini ýerine ýetirdi — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Frederik Şopeniň Fortepiano konserti №1 simfoniki orkestr bilen bilelikde ýerine ýetirilende ol uly şowhun döretdi: tomaşaçylar güýçli el çarpyşmalar bilen Woýçeh Waleçeki sahnadan goýbermediler.
Sazanda Frederik Şopeniň Noktyurn №2 saz eserini tomaşaçylaryň islegi boýunça gaýtadan ýerine ýetirmeli boldy.
Woýçeh Waleçek orkestriň sazandalary bilen bilelikde çykyş etmegi ýokary derejede ussatlarça ýerine ýetirilen iş hökmünde baha berdi.
«Bu köp babatda dirižýor Rasul Gylyjowyň ussatlygy bilen şeýle boldy. Ol meniň ýerine ýetirişimi hem-de sazandalaryň ýerine ýetirişini çuňňur duýmagy başardy» — diýip, pianist belledi.
Ol şeýle hem Aşgabadyň tomaşaçylarynyň özüne aýratyn täsir edendigini aýtdy.
«Men her bir diňleýjä aýratyn çykyş edýän ýaly boldum. Zalyň ümsümliginde Şopeniň sazyna bolan uly gyzyklanmany duýdum. Muny diňe taýýarlykly tomaşaçylar şeýle derejede kabul edip biler» — diýip, Waleçek sözüni jemledi.
