Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa, Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa, «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşyklaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda lukmançylyk hyzmatlarynyň ösüşi, bu ugra dünýä tejribesiniň hem-de tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy, keselleriň öňüni almak boýunça görülýän zerur çäreler, çagalaryň saglygyna berilýän üns, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti dogrusynda pikir alyşdylar. Duşuşyklarda türkmen-rus gatnaşyklaryny degişli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ýola goýlan dialogyň çagalaryň saglygyny goramak ýaly umumy asylly maksadyň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
