Turkmenportal logo
22.11.25
2023520235
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» TIACA-nyň işjeň agzasy bold

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy.

Bu barada Türkmenistanyň Hökümetiniň anna güni bolan mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew raýat awiasiýasy ulgamynyň logistika mümkinçiliklerini ösdürmek we kämilleşdirmek hem-de ýurduň halkara howa ýük daşaýjylar ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berende habar berdi.

Wise-premýer munuň bilen baglylykda, daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýmak baradaky degişli teklipleri döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow teklibi makullap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi, diýip TDH habar berýär.