Türkmenistan Tatarystan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda awiasiýa, dikuçar we gämi gurluşygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisinde aýtdy.
Ministriň orunbasary: «Özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklar biziň hyzmatdaşlygymyzyň möhüm bölegidir. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy we eksport-import amallaryny artdyrmak üçin belli bir ätiýaçlyk serişdelerimiz we mümkinçiliklerimiz bar» diýdi.
Ol Tatarystanyň Russiýanyň iň ösen sebitleriniň biri, aýratyn-da senagat önümçiligi ulgamynda ösen sebitidigini belledi. P.Ýagşyýew: «Biziň üçin awiasiýa önümçiligi, dikuçar gurluşygy, gämi gurluşygy ýaly pudaklardaky ykdysady ösüş tejribäňiz gyzyklydyr» diýip nygtady.
Öz gezeginde, ol ýurduň senagat mümkinçiliklerine ünsi çekdi. P.Ýagşyýew sözüniň üstüni ýetirip: «Türkmenistan 20 million tonnadan gowrak nebit önümlerini öndürýär we himiýa, gurluşyk, dokma hem-de oba hojalyk önümleriniň giň görnüşlerine eýedir. Biziň özara hyzmatdaşlygymyzy we integrasiýamyzy güýçlendirmek möhümdir» diýdi.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi Aşgabatda 20-21-nji noýabr aralygynda geçirildi.
