Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» (PÇ(T)SB) kompaniýasy noýabr aýynda Türkmenistanyň günbatarynda iki giň möçberli ekologik çäre geçirdi: 8-nji noýabrda kompaniýanyň işgärleri we hyzmatdaşlary Gyýanlydaky gazy taýýarlamak zawodynyň çäginde 101 agaç we 743 gül nahallaryny oturtdylar, 15-nji noýabrda bolsa ýerli ýaşaýjylar, mekdep okuwçylary we ekologiki gulluklar bilen bilelikde Hazar deňziniň kenar ýakasynyň bir bölegini zibillerden arassaladylar.
Çäreler PETRONAS kompaniýasynyň korporatiw Durnukly ösüş strategiýasynyň çäklerinde geçirildi we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna (SDG) goşant boldy.
Agaç ekmek güni milli bag ekmek çäresine bagyşlanyp, bu işe Hazar ekologiki gözegçilik gullugynyň wekilleri we ýerli ilat hem goşuldy. Gatnaşanlar her bir ekilen ösümligiň sebitiň geljegine goşantdygyny nygtadylar.
Bir hepdeden soň, 15-nji noýabrda kompaniýanyň işgärleri maşgalalary hem-de Gyýanly obasynyň 7-nji orta mekdebiniň okuwçylary we ekologlar – jemi ýüzden gowrak adam Hazaryň kenarynda ýygnandy. PÇ(T)SB-niň baş direktory Ismadi bin Ismail maşgalasy bilen Aşgabatdan gelip, arassalaýyş işine gatnaşdy. Işler tamamlanandan soň çagalar üçin howa şarlaryny uçurmak we gyzgyn nahar gurnaldy, ähli gatnaşyjylara bolsa PETRONAS kompaniýasynyň ýörite pledleri gowşuryldy.
Bu başlangyçlaryň çäginde kompaniýa şu ýylyň dowamynda Gyýanlyda galyndylary aýratyn ýygnamak üçin 5 sany häzirki zaman konteýner meýdançasyny gurup, ýerli häkimiýetlere tabşyrdy.
«Şu günki her bir hereket – ertiriň hasylydygyna biz ynanýarys» - diýip, PETRONAS kompaniýasynyň wekilleri noýabr aýyndaky çäreleriň netijelerini jemlediler.
Kompaniýa Türkmenistanda ekologiki başlangyçlaryny dowam etdirjekdigini, Hazar sebitiniň özboluşly tebigatyny goramaga we ýerli jemgyýetiň ekologiki medeniýetini ýokarlandyrmaga goşant goşjakdygyny mälim etdi.
