Şu günler Germaniýanyň Gamburg şäheriniň Gamburg-Eppendorf klinikasynyň direktory, neýrohirurg lukman, professor Wesrfal Manfred Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Ol saparynyň çäklerinde Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda ýerli lukmanlar bilen kelle beýnide we oňurga ýiliginde täze döremeleriň sebäbini anyklamak hem-de hirurgik bejergi geçirmek babatda tejribesini paýlaşýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Tejribe alyşmagyň çäklerinde lukmanlar çagalarda we uly adamlarda nerw ulgamynyň kesellerinde, täze döremelerinde we degeneratiw kesellerde ýokary derejeli ýöriteleşdirilen döwrebap anyklaýyş amallary we dessin bejergileri ýerine ýetirýärler.
«Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher derejesi ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, lukmanlar bilen tejribe alyşmagy özüm üçin hormat hasaplaýaryn. Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralarynyň hereket edýändigine bu şäherde kemala getirilen döwrebap saglygy goraýyş ulgamy bilen ýakyndan tanşanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu ýerde biz ýerli lukmanlar bilen bilelikde hirurgiki amallary ýerine ýetirdik. Arkadag şäheriniň saglyk merkezlerinde iň öňdebaryjy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, saglygy goraýyşda ýokary hilliligi gazanmaga ýardam berýär» diýip, professor Wesrfal Manfred gürrüň berýär.
