20-nji noýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirdi.
Çärä türkmen wekiliýeti, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň wekilleri, Ýazyjylarynyň döredijilik birleşmesiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi D.Seýitmämmedow, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik R.Metreweli, Tbilisi döwlet uniwersitetiniň professory I.Kurdadze, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maliýe kafedrasynyň mugallymy O.Alyýewa, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty P.Mamradze, akademik-sekretar W.Papawa, professor, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti B.Naçkebiýa, Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşmesiniň başlygy M.Gonaşwili çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Tbilisidäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti R.Metreweli öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we halkara jemgyýet tarapyndan giň goldawa eýe bolan daşary syýasat uguryny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy abadançylygyň we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýandygyny nygtady.
Şeýle-de çykyşlarda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.
Çykyşlarda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti dogrusynda hem durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, medeni taslamalara goldaw bermek, bilelikdäki çäreleri geçirmek we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak iki ýurduň arasyndaky ynanyşmagyň we durnukly dialogyň ösdürilmegine möhüm goşant goşýar.
Çäre türkmenistanly sungat ussatlarynyň aýdym-saz konserti, amaly-haşam hem-de şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi bilen tamamlandy. Sergi myhmanlara Türkmenistanyň baý we köpöwüşginli medeni mirasyny synlamaga mümkinçilik berdi.
