Turkmenportal logo
19.11.25
1491314913
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň birnäçesine kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalar yzygiderli bejerilýär hem-de olara zerur bolan lukmançylyk operasiýalary geçirilýär.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde doga ýürek kemisligi keselinden ejir çekýän Mary hem-de Lebap welaýatlaryndan bolan çagalaryň birnäçesine ýerli lukmanlar tarapyndan kardiohirurgiki bejeriş operasiýalary üstünlikli ýerine ýetirildi. Şeýle hem Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ýerli lukmanlar tarapyndan 1 ýaş 2 aýlyk doga kemisliginden ejir çekýän çaga Kerimberdi Meretdurdyýewe urologiki hirurgiýa bejeriş operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy.

Operasiýa bejergilerinden soňra çagalaryň ýagdaýlary kanagatlanarly.