Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Burita Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.
Dabaranyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi M.Işangulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI adyna ýollan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Öz gezeginde, ministr N.Burita ýetirilen mähirli salamlar we hoşniýetli arzuwlar üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
