15-nji oktýabrda Baku şäherinde Ýaponiýanyň Içeri işler we kommunikasiýa ministrligi tarapyndan guralan «Sebit hyzmatdaşlygy arkaly gapma-garşylyklary ýeňip geçmek we inkliýuziwligi öňe sürmek» atly seminar geçirildi. Çäre «JW Marriott Absheron Baku» myhmanhanasynda boldy.
Seminara sebitiň hökümetleriniň, Bütindünýä Bankynyň, Halkara Elektrik Aragatnaşyk Birleşiginiň, şeýle hem NEC, NTT, «Toyota Tsusho» we «Digital Knowledge» ýaly ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň adyndan «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasynyň jogapkär sekretary A.Jumagulyýew çykyş etdi. Ol ýurtda telekommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ýokary tizlikli internete elýeterliligi giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalar barada gürrüň berdi.
A.Jumagulyýew ýaňy-ýakynda tassyklanan, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmäge gönükdirilendigini belledi. Aýratyn üns Arkadag şäherine berildi, bu ýerde «akylly» şäher tehnologiýalary we 5G aragatnaşygy ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň wekili Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin birnäçe ugurlary görkezdi: tehnologiýanyň transferi, «akylly» infrastrukturalary ösdürmek, IT işgärlerini taýýarlamak, kiberhowpsuzlyk we «ýaşyl» sanly tehnologiýalar.
Seminar sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin sanlylaşdyrmany ulanmaga gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.
