Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berişimiz ýaly, 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde noýabr aýynda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisiniň geçiriljekdigi hem-de oňa görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum, maliýe we bank ulgamlarynda, energetika, ulag-aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle-de medeni-ynsanperwer ugurlarda, hususan-da, bilim, medeniýet, ýaşlar we sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
