Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew «Merkezi Aziýada ruhy miras we magaryf işi» atly halkara kongressiniň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde muzeýleriň möhüm orny barada çykyş etdi.
13 — 15-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçirilen kongressiň çäklerinde milli muzeýleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda birnäçe sessiýalar geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
M.Çaryýew öz çykyşynda iki ýurduň çuň taryhy we medeni umumylygyny nygtap, Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň Özbegistanyň medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak we wagyz etmek boýunça Bütindünýä jemgyýeti bilen alyp barýan üstünlikli hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Bu hyzmatdaşlygyň netijesi hökmünde 2023-nji ýylda neşir edilen kitap-albomda Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň fondlarynda saklanylýan Özbegistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary barada giňişleýin maglumat berilýär.
Hasabatda mysal hökmünde XV–XVI asyrlara degişli teswirli, golýazma görnüşindäki öçmejek gymmatlyga eýe bolan Kurany Kerim görkezildi. Ony göçüren şahs türkmen neslinden bolan, köşk hatdaty Iýd Muhammet al-Horezmidir.
Direktor häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet muzeýi bilen Daşkentdäki Timurileriň taryhy döwlet muzeýiniň arasynda hyzmatdaşlygyň meýilleşdirilýändigini, şeýle hem Hywadaky «Içan-Gala» döwlet muzeý-goraghanasy bilen bilelikdäki sergi taslamalary boýunça onlaýn gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy.
