2025-nji ýylyň oktýabr - noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde döwlet gullukçylarynyň hukuk we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça sanly ulgam arkaly uzak aralykdan hünär derejesini ýokarlandyrýan gysga möhletli okuwlary geçdiler.
Uzak aralykdan sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen okuwlary Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary alyp bardylar.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-12-nji oktýabry Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşan daşary ýurt wekiliýetleriň Türkmenistana saparynyň dowamynda hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy bolup geçdi. Şol sanda hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyna gol çekildi.
Resminama laýyklykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek we döwlet gullukçylarynyň hünärini kämilleşdirmek bilen bagly bolan möhüm işleri, ýagny adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp düzmek, uzak aralykdan sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny geçirmek, professor-mugallymlaryň hem-de diňleýjileriň okuw saparlaryny gurnamak meseleleri öz içine alýar.
Geçirilen gysga möhletli onlaýn okuw sapaklarynyň dowamynda “Döwlet gullukçylarynyň maliýe sowatlylygynyň durnukly sebitleýin ösüşde strategik ähmiýeti", "Şahsy maliýe sowatlylygy", "Şahsy we hünär meseleleriniň kesişýän ýerinde döwlet gullukçylarynyň maliýe sowatlylygy: etika" we "Zähmet hukugynyň özgerdilmegindäki döwrebap meýilleri" ýaly temalar boýunça gürrüňler edildi. Kanunçylykda we ykdysady ulgamdaky bolup geçýän özgertmeler esasynda döwlet gullukçylarynyň hukuk we maliýe sowatlylygynyň ähmiýeti barha möhümleşýär. Şu nukdaýnazardan, döwlet gullukçylarynyň bu başarnyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, bu okuw maslahatlar guraldy. Okuw maslahatlar döwlet gullukçysynyň resmi borçlaryny netijeli ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hukuk we maliýe sowatlylygy öz içine alýan birnäçe esasy modullary öz içine alyp, gatnaşyjylar häzirkizaman kanunçylygyndaky özgertmeleri, maliýe meýilnamalaşdyrmagyň esaslaryny, şeýle hem býujet we serişdeleri dolandyrmak usullary barada kän maglumat alyp, olary içgin öwrendiler.
Bu gysga möhletli okuwlaryň esasy maksatlarynyň biri – bu hukuk resminamalary we maliýe hasabatlary seljermek işinde döwlet gullukçynyň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Geçirilen bu okuw maslahatlary, döwlet gullukçylaryna çylşyrymly ýagdaýlarda dogry pikirlenip, dogry karar kabul etmäge we ýerine ýetirýän işlerinde açyklygy üpjün etmäge mümkinçilik berer. Nazary bilimlerden başga-da, amaly okuwlarda gatnaşyjylar alan bilimlerini dünýä tejribesine laýyklykda ulanmaga ýardam berýän amallar, tabşyryklar we mysallar bilen üpjün edildi. Bu çemeleşme diňe bir bilimleri çuňlaşdyrman, eýsem döwlet gullukçylary üçin örän möhüm bolan tankydy pikirlenmäni hem ösdürmäge ýardam edýär.
Okuw maslahatlar tamamlanandan soň, gatnaşyjylar täze bilimlerini we başarnyklaryny tassyklaýan şahadatnamalary aldylar. Bu diňe bir olaryň hünär derejesini ýokarlandyrman, eýsem döwlet gulluklarynda mundan beýläk-de özgeriş üçin şertleri döreder. Şeýlelik bilen, hukuk we maliýe sowatlylygy boýunça onlaýn okuwlar häzirki zaman jemgyýetiniň kynçylyklaryny netijeli çözmäge we döwlet edaralarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply hünärli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim boldy.
Şeýle seminarlary geçirmek adam resurslary ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we döwlet gullugynda sanly ulgamlary ösdürmek üçin örän möhümdir.
