Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, sebitiň ýurtlarynyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary eder. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda mälim etdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri ýazýar.
«Hormatly döwlet Baştutanlary, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, biziň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary eder» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutany sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin özüne çekijiligini artdyrmak üçin ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigine hem ünsi çekdi.
«Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem biziň üçin hemişe ähmiýetli bolar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
