Merkezi Aziýa ýurtlary suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlykda raýdaşlyk görkezmelidirler we ekologiýa meselelerini çözmek üçin bilelikdäki tagallalary güýçlendirmelidirler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda belledi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
«Deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek we raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt edýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutany ekologiýa abadançylygyň bitewüligi mowzugynda ünsi jemläp, Aşgabat sebitiň ekologiýa meseleleri boýunça, ilkinji nobatda, Aral deňzini halas etmek we çölleşmä garşy göreşmek ýaly inçe meselelerde bilelikdäki tagallalary artdyrmagyň tarapdarydygyny belledi.
«Merkezi Aziýada ekologiýa meselelerini çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, onuň sebitde ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmegini goldaýarys. Ýurtlarymyzyň BMG-de ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynanýarys» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüniň üstüni ýetirdi.
