Türkmenistan sebitde energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Muňa Merkezi Aziýada we onuň daşky çäklerinde elektrik energiýasyny öndürmek, üpjün etmek we sarp etmek boýunça kuwwatly ulgam döretmek girýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda belledi — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Energetika hyzmatdaşlygyny berkitmek meselelerine geçip, döwlet Baştutany Türkmenistanyň diňe bir turbageçiriji taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem mundan beýläk anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.
«Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça anyk işleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe turba geçirijiler bilen baglanyşykly taslamalar barada barmaýar. Bu gün biz elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, sebitimizde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik, elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigini nygtaýarys» —diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
