Russiýanyň garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça söweşijisi Yslam Mahaçew UFC-niň ýarym agyr agramdaky çempiony awstraliýaly Jek Dellа Maddalena bilen 16-njy noýabr gijesi (Aşgabat wagty bilen) tutluşyk geçirer.
Tutluşyk UFC 322 ýaryşynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda geçiriler. Mahaçewiň sekundanty UFC-niň ozalky çempiony Habib Nurmagomedow bolar.
Türkmenistanda MMA söweş sungatynyň muşdaklary bu tutluşygy göni ýaýlymda Belet Film onlaýn kinoteatrynda görüp bilerler.
Dellа Maddalena 2016-njy ýyldan bäri ýeňilen däldir. Şu ýylyň maý aýynda awstraliýaly söweşiji gazagystanly Şawkat Rahmonowyň ýerine çykyş edip, amerikaly Belal Muhammedi ýeňdi we onuň çempionlyk guşagyna eýe boldy.
Mahaçew 34 ýaşynda, onuň hasabynda 27 ýeňiş we 1 ýeňliş bar. Russiýaly söweşijiniň 15 tutluşykdan ybarat ýeňiş tapgyry dowam edýär. Ol 2022-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň maýyna çenli UFC-niň ýeňil agramdaky çempionlyk guşagyna eýe boldy. 14-nji maýda ol bu çempionlyk adyndan el çekip, ýarym agyr agramdaky derejä geçdi.
Dellа Maddalena MMA-da 18 ýeňiş gazandy we 2 gezek ýeňildi. Awstraliýaly söweşiji UFC-niň çäklerinde geçiren 8 tutluşygynyň ählisini ýeňdi, onuň ýeňiş tapgyry MMA-da 18 tutluşykdan ybaratdyr.
