Turkmenportal logo
15.11.25
1780517805
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Katar Dohada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar

Ozal habar berlişi ýaly, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň nobatdaky mejlisini noýabr aýynyň soňky ongünlüginde Dohada geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu öňde boljak mejlise taýýarlyk işleri barada wise-premýer N. Atagulyýew 14-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Dohada, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, maliýe we bank ulgamlarynda, energetika, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak pudaklarynda, bilim, medeniýet, ýaşlar, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Katar Döwleti bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi baradaky beýan edilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy — diýip, TDH agentligi habar berýär.