Noýabr aýynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu barada 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde wise-premýer H. Geldimyradow habar berdi — diýip, TDH agentligi ýazýar.
Mejlisiň gün tertibine söwda-ykdysady, nebit-gaz, energetika we senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri giriziler.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi.
