Şu ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada, ozal habar berşimiz ýaly, şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenilip, olardan ylymda, bilimde, sportda, saglykda, medeniýetde, ykdysadyýetde senagatda, oba hojalygynda gazanan üstünlikleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer B.Orazdurdyýewa döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ylymly-bilimli giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
