Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ilki bilen Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ylmy-intellektual eýeçilik hakynda, wirtual aktiwlik hakynda, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow söwda-ykdysady, medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu toparyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi we bu ugurda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengeologiýa» döwlet korparasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, wise-premýere bu işleri has-da netijeli dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna taýýarlyk gömegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere bu şanly sene bilen bagly paýtagtda abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Katar döwletiniň Doha şäherinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi baradaky beýan edilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşyga hem-de Özbegistan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenistanyň awtomobil ulaglary pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bu ugurda degişli tabşyryklary berdi hem-de Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemledi.

