Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Karara gol çekdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» hem-de zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigi yglan etmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda milli medeniýeti ösdürmäge, milli mirasy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle-de okaň:
