13-nji noýabrda Özbegistanyň Milli sungat köşgünde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň kino günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara çärä gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň arasyndaky «tegelek stol» söhbetdeşligi bilen başlandy. Bu barada uza.uz ýazýar.
Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre türki döwletleriň kinorežissýorlarynyň arasyndaky döredijilik gatnaşyklarynyň barha berkeýändigini we ösüşiň täze tapgyryna gadam basylýandygyny tassyklaýar. Dürli halkara kinofestiwallar, döredijilik bäsleşikleri we bilelikdäki kinofilmleri surata düşürmek işleri bu hyzmatdaşlygy barha berkidýär.
Döredijilik taslamasynyň ilkinji gününde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň kinorežissýorlary tarapyndan döredilen gysga metražly filmleriň görkezilişi geçirildi.
