Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 91-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary, wekilleri hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň işi Merkezi Aziýa sebitinde suw hojalygy babatda ýüze çykýan meseleleri bilelikdäki tagallalar arkaly çözmäge gönüdirilendir. Mälim bolşy ýaly, döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň işiniň maksady esasy suw serişdelerinden her bir döwlet üçin her ýylky suwy ulanmak boýunça çägi tassyklamakdan, şol sanda uly suw howdanlarynyň işiniň tertibini işläp düzmekden hem-de tassyklamakda, suw serişdelerini hakyky derejesinden ugur alyp, sebitiň suw serişdelerini dolandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem Aral deňziniň guramagy we suw serişdeleriniň azalmagy bilen bagly ekologiýa maksatnamalaryny işläp düzmek hem-de ýerine ýetirmek, derýalara we Aral deňzine suw bermek boýunça her ýylky möçberleri kesgitlemegem bu toparyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär.
Mejlisiň jemleri boýunça Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň indiki mejlisiniň geçiriljek ýeri ylalaşyldy hem degişli Teswirnama gol çekildi.
