Şu günler Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri çöl ösümlikleriniň tohumlaryny taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Olar tarapyndan ýygnanan gara we ak sazaklaryň, çerkeziň, gandymyň, beýleki ösümlikleriň we gyrymsy agaçlaryň tohumlary guradylandan we saklanandan soň, sebitiň çöllük ýerlerinde geljekki ekilişleri üçin ulanylar. Tohumlaryň bir bölegi Bötendag alaňynda taýýarlanylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde döredilen bufer tokaý zolagy welaýat tokaý hojalygynyň işgärleriniň yzygiderli gözegçiliginde saklanýar. Onuň işgärleri bu ýerde çekilen suwaryş ulgamlarynyň düýbüni ýykgynlaryndan yzygiderli arassalamak, zerur bolan abatlaýyş işlerini, dürli möwsümleýin çäreleri geçirýärler.
Alymlar tarapyndan işlenip düzülen ýaşyl zolaklary döretmek boýunça maslahatlaryň esasynda, soňky ýyllarda bu ýerde müňlerçe gektar meýdanlarda şora çydamly we topragy berkleşdiriji ekinler ekildi.
Sarygamyş kölüniň Gündogar kenaryndaky uly tokaý massiwi tozanyň geçmegine kynçylyk döredýär, çölleşmegiň, topragyň şorlaşmagynyň we ýaramazlaşmagynyň öňüni alýar, ekologiýa durnuklylygyna we daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga ýardam edýär.
